Soňky habarlar

Arhiw

«Nesip» hususy kärhanasy Türkmenistanda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýär

13:5920.03.2020
0
15505

Bir ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýän “Nesip” hususy kärhanasy tarapyndan öndürilýän erkek kişileriň köýnekleri Türkmenistanda gysga wagtyň içinde islegli harytlaryň hataryna goşuldy.

Hususy kärhananyň hünärmenleri häzirki wagtda ýokary hilli önümleri öndürmek we daşary ýurtly kärdeşleri bilen mynasyp bäsdeşligi alyp barmak üçin iň naýbaşy matalary saýlap alýar. Bu ýerde her möwsüme görä, lybaslar tikilýär.

Tikin fabrigi, önümiň hiline we öndürijiliginiň ýokarlanmagyna täsir edýän häzirki zaman önümçilik enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. «Nesip» şu ýyl önzümçiligiň gerimini has-da giňeltmegi meýilleşdirýär. Geljekki meýilnamalaryň arasynda çagalar üçin dürli lybaslaryň toplumyny tikmek hem bar. Ýakynda bu ýerde zenan eşikleriniň hem ilkinji nusgalary taýýarlanyldy. Häzir täze sargytlaryň üstünde işlenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň