Futzal boýunça AFK-nyň klublaýyn çempiony bu ýyl BAE-de geçiriler

13:1320.03.2020
0
3798
Futzal boýunça AFK-nyň klublaýyn çempiony bu ýyl BAE-de geçiriler

AFK-nyň klublaýyn futzal çempionaty bu ýyl Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriler ― diýip, «AKIpress» habar berýär.

Habarda aýdylyşy ýaly, çempionat ozal 5 ― 16-njy awgust aralygyna bellenilipdi. Indi bolsa ol AFK-nyň gelen çözgüdi bilen 2 ― 13-nji dekabr aralygyna geçirildi.

Yklym ýaryşyna Türkmenistandan Aşgabadyň «Köpetdag» futzal topary gatnaşar. Içeri işler ministrliginiň garamagyndaky toparyň geçen ýyl Türkmenistanyň futzal ligasynyň çempiony bolandygyny ýatladýarys. Bu ýeňiş «Köpetdagyň» klublaýyn derejedäki yklym ýaryşyna gatnaşmagyny üpjün etdi.

Öňräk AFK milli ýygyndylaryň arasynda Aşgabatda geçiriljek yklym çempionatynyň 5 ― 20-nji awgust aralygyna geçirilendigini habar beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň