Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Iş nokady» merkezinde işewürlik boýunça tejribe alyşmak çäresi geçirildi

22:0719.03.2020
0
8768

Şu gün «Iş nokady» iş merkezinde işewürlikdäki üstünlik temasyna bagyşlanan tejribe maslahaty geçirildi. Çäräniň esasy myhmany «Ak Tam»-yň esaslandyryjysy Akbäbek Taganowa boldy. Başarjaň telekeçi zenanyň üstünlige uzan ýolunyň söhbedi, telekeçilik bilen meşgullanmak üçin amatly teklipler häzirki wagtda Türkmenistanda işjeň ösýän kiçi we orta kärhanalaryň wekilleri we çärä gatnaşýan beýleki telekeçiler üçin başlangyç goldawy boldy.

Maslahat erkin ýagdaýda sowal-jogap alyşmak görnüşinde geçirildi.

Maslahatyň ahyrynda birek-birek bilen tejribe alyşmaga bagyşlanan çäre hem geçirildi. Oňda merkeziň diňleýjileri özleri, alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler. Bilelikdäki hyzmatdaşlyk üçin bähbitli gepleşikleriň hem birnäçesi geçirildi.

Şeýle çäreler ýurtda kiçi we orta telekeçiligi okgunly ösdürmäge oňyn ýardamyny ýetirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň