Soňky habarlar

Arhiw

Futzal boýunça zenanlaryň çempionatynda paýtagtyň toparlary öňde barýar

22:0619.03.2020
0
5454

Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň oýun görnüşleri toplumynda geçirilýän zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň futzal çempionatynyň dördünji tapgyrynda hem üç duşuşyk geçirildi.

Tapgyryň açylyş duşuşygy «Balkan» hem-de «Daşoguz» toparlarynyň arasynda boldy. Duşuşykda demirgazyk welaýatdan gelen gyzlar garşydaş derwezä jogapsyz pökgüleriň dördüsini geçirdiler. Ikinji duşuşykda bolsa «Talyp sporty» Mary welaýatyndan gelen gyzlary 2:0 hasabynda ýeňdi. Günüň jemleýji duşuşygynda geçirilen «Aşgabat» ― «Lebap» duşuşygy 2:1 hasabynda paýtagtly gyzlaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, üç duşuşykda 9 utuk toplan «Talyp sporty» ýaryşyň başyna geçdi.

Çempionata ýedi toparyň gatnaşýandygyny ýatladýarys. Olaryň ikisi paýtagta («Talyp sporty» we «Aşgabat»), galanlary bolsa sebitlere wekilçilik edýär. Şu gezekki gatnaşyjylaryň sany zenanlaryň arasynda geçirilen milli ýaryşlaryň arasynda rekord derejedir.

Çempion 22-nji martda geçiriljek jemmleýji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra belli bolar. Şol gün çempionatyň iň gowy wekilleri ― bombardir (şol sanda hüjümçi), derwezeçi we goragçy belli ediler.

Dördünji tapgyryň netijeleri:

«Balkan» — «Daşoguz» — 4:0

«Talyp sporty» — «Mary» — 2:0

«Aşgabat» — «Lebap» — 2:1

Dynç güni  — «Ahal». 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň