Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020: 1-nji tapgyryň galdyrylan duşuşygynda «Altyn asyr» «Merwi» kabul edýär

18:0219.03.2020
0
3856

20-nji martda «Aşgabat» köpugurly sport toplumynyň esasy meýdanynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 1-nji tapgyrynyň çägindäki «Altyn asyr» ― «Merw» duşuşygy geçiriler.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň hasabynda häzirlikçe 1 utuk bar. Topar häzir ýaryş tertibiniň ýedinji ornunda. Ýakynda Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndan dolanan topar çempionata diňe 3-nji tapgyrda girişip bildi. «Merw» bolsa iki duşuşykda toplan 3 utugy bilen ýaryşyň dördünji basgançagynda ýerleşýär.

2020-nji ýylyň 20-nji marty

«Altyn asyr» — «Merw»

Geçirilýän ýeri: «Aşgabat» stadiony (Aşgabat).

Başlanýan wagty: 16:30.

Emin: Saparmämmet Gurbanow (Balkanabat).

Kömekçileri: Şageldi Hydyrow, Ezizmyrat Annamyradow (ikisi hem Balkanabat).

Ätiýaçdaky emin: Resul Mämmedow (Aşgabat).

Gözegçi emin: Raşid Pälwanow (Daşoguz).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň