Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň Deňiz ýük daşaýyş ulgamynyň Türkmenistandaky bölümine täze ýolbaşçy bellenildi

17:3819.03.2020
0
10326

«PortNews» tarapyndan berilýän habarra görä, Igor Zaharow Russiýanyň Deňiz ýük daşaýyş ulgamynyň Türkmenistandaky bölüminiň başlygy wezipesine bellenildi.

Igor Zaharow Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutyny gämi gurluşyk inžereneri hünäri boýunça tamamlady, Türkmenistandaky iri senagatedaralarynda we kompaniýalarynda işläp, baý tejribe toplan hünärmen 2016-njy ýyldan bäri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän Russiýanyň Deňiz ýük daşaýyş ulgamynyň Türkmenistandaky bölüminde işleýär. 

Bu gurama 1913-nji ýylyň 31-nji dekabrynda döredildi. 1969-njy ýyldan bäri ol Halkara klassifikasiýa jemgyýetleriniň assosiasiýasynyň (IACS) agzasy bolup durýar. 

Gurama 1999-njy ýylda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan ykrar edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň