Soňky habarlar

Arhiw

«Çigildem» Aşgabatda geçirilen sergide agaç mebelleriň täze görnüşlerini hödürledi

16:0319.03.2020
0
23727

Mebel, düşek we peç öndürmäge ýöriteleşdirilen «Çigildem» hususy kärhanasy şu ýyl täze önümçilige ― tebigy agaçdan mebel öndürmek işine başlady. Täze önüm TSTB-niň sergisinde ilkinji gezek görkezildi .
Kompaniýanyň wekili Eneş Hudaýarowa täze önümçilik barada «Turkmenportalyň» habarçysyna şeýle gürrüň berdi:
― Indi tebigy agajy gaýtadan işleýän dizaýner bilen hyzmatdaşlyga başladyk. Aşhanalar, ýatylýan otaglar, aýratyn sandyklar, aýna çarçuwalary, telewizor stendleri, agaçdan ýasalan mebel önümleri, şeýle hem beýleki mebeller täze önümçilik arkaly hödürlenilýär. Munuň üçin agajyň aýratyn görnüşini Türkiýeden getirýäris. Dizaýn merkezimiz bolsa Änew şäherinde ýerleşýär. Bu ýerde müşderiler islän görnüşindäki önümi sargyt edip bilerler. Hatda olaryň gurluşy, reňki bilen bagly teklipleri hem berip bilerler. Hatda ýapynjalaryň hem naýbaşy görnüşleri saýlanyp alyndy. Olar Italiýadan we Türkiýeden getirilýär. Ajaýyp hilli tebigy agaçdan ýasalan mebellerimiziň örän owadan görünýändigini bolsa aýratyn aýtmak gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň