Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Ýylyň telekeçisi ― 2019» bäsleşiginiň jemi jemlendi

15:2519.03.2020
0
18424

Türkmenistanda «Ýylyň telekeçisi ― 2019» bäsleşiginiň jemleri jemlenildi ― diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de adybir partiýa tarapyndan yglan edilipdi.

11 ugur boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri TSTB-niň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň çäginde yglan edildi. Baýrak gowşuryş dabarasyna guramaçylyk edýän edaralaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

«Türkmen awtoban», «Ussat inžener» hem-de «Aktab» gurluyk pudagy boýunça bäsleşigiň ýeňijileri boldular. Şeýle hem «Himiýa senagat» hojalyk jemgyýeti «Iň gowy senagat kärhanasy», «Guş toplumy» «Iň gowy oba hojalyk önümlerini öndüriji» diýlip yglan edildi.

«Ýylyň eksportçysy» diýen ada «Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti mynasyp boldy. Bu jemgyýetiň zawodlarynyň üçüsinde öndürilen önümler Gazagystana, Gyrgyzystana, Özbegistana, Belarusa, Russiýa we Baltika ýurtlaryna eksport edilýär. 

Ýaş telekçileriň arasynda maryly çary Sähedow ýeňiji boldy. Onuň iki ýyl bäri işleýän «Doganlar ýyldyzy» kompaniýasynyň konditer önümleri has meşhur markalar bilen bäsleşýär.

Başga-da birnäçe ugurlar boýunça ýeňijiler yglan edilip, olara mynasyp bolan baýraklary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň