Soňky habarlar

Arhiw

Kik-boksing boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

12:4919.03.2020
0
8755

Ýakynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky sport mekdebinde kik-boksing boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen ýurdumyzyň Kikboksing federasiýasynyň, şeýle-de Ahal welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hem-de Gökdepe etrap sport mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryş WAKO K1 düzgünlerine we kadalaryna laýyklykda alnyp baryldy.

Duşuşygyň netijesine görä, erkekleriň arasynda Narbaý Atabaýew (48 kg), Parahat Aşyrbaýew (51 kg), Atajan Atamuradow (54 kg), Batyr Töräýew (57 kg), Ýalkap Aşyrmyradow (60 kg), Dawud Annaberdiýew (63 kg), Abdylhekim Sadykow (67 kg), Aleksandr Neredenko (71 kg), Toýlymyrat Ýegeleýew (75 kg), Sapardurdy Orazdurdyýew (81 kg), Ybraýym Berdiýew (86 kg), Serdar Mamedow (91 kg) dagylar öz ussatlyklaryny görkezip, birinji orna mynasyp boldular.

Zenanlaryň arasynda bolsa Mamajan Safulina (48 kg), Adelina Ýusupowa (52 kg), Mähri Agaýewa (56 kg), Maýsa Gupbykowa (60 kg) dagylar öňe saýlandylar.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň