Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ýaşlaryň arasynda erkin göreş boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

12:3219.03.2020
0
4689
Aşgabatda ýaşlaryň arasynda erkin göreş boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

Paýtagtdaky «Galkynyş» sport toplumynda ýaşlaryň arasynda erkin göreş boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ýaryş Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi we ýurdumyzyň Göreş federasiýasy tarapyndan gurady. 2000-2002-nji ýyllarda doglan, ähli sebitlerden gelen 100-den gowrak türgen 10 agram derejesinde ýaryşdy.
Gyzykly tutluşyklaryň netijesinde 125 kilograma çenli agram derejesinde Şatlyk Hemelýaýew, 97 kilograma çenli agramda Muhammedaly Saparow, 92 kilogramda Gurbanguly Hudaýberdiýew, 86 kilogramda Babamyrat Babahanow, 79 kilogramda Gadam Hojakow, 74 kilogramda Arslan Annamyradow, 70 kilogramda Hajymuhammet Ibragimow, 65 kilogramda Gurbanmuhammet Çaryýew, 61 kilogramda Mekna Muhammedow, 57 kilogramda Atabaý Kulyýew Türkmenistanyň çempiony boldular.
Şeýlelik bilen, toparlaýyn hasapda Aşgabat şäheriniň topary birinji, balkanly türgenler ikinji, Daşoguz welaýatynyň wekilleri üçünji orny eýelediler. Aprel aýynda beýleki ýaş toparlarynyň arasynda hem Türkmenistanyň çempionatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň