Soňky habarlar

Arhiw

Nikolaý Gasimow («Mawy kenar» bilelikdäki kärhanasy): «Ýene 5-10 ýyldan Balkan welaýatynda gülläp ösýän ösümlik we haýwanat dünýäsini görüp bileris»

00:0419.03.2020
0
10398

TSTB-niň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen sergä ekologiýa pudagy boýunça iş alyp barýan hususy kompaniýalar hem gatnaşdy. Şolaryň biri hem «Mawy kenar» bilelikdäki kärhanasydyr. Serginiň dowamynda bu kärhananyň meýdan inženeri Nikolaý Gasimow alyp barýan işleri barada «Turkmenportalyň» habarçysyna şeýle gürrüň berdi:
― Biz nebit bilen hapalanan topragy arassalamak bilen meşgullanýarys. Galyberse-de, nebit arkaly hapalanmak sebitiň ösümlik we haýwanat dünýäsine howp salýar. Nebit we nebit önümleriniň dökülmegi topragyň zaýalanmagyna sebäp bolýar. Şeýle ýagdaýda topragyň tebigy usul bilen arassalanmagy juda köp wagty alýar. Şonuň üçin hem emeli arassalaýyşdan peýdalanylýar. 
Nebit bilen hapalanan ýerleri dikeltmek üçin täze döwrebap tehnologiýalary ulanýarys, sebäbi daşky gurşaw meselesi biziň ýurdumyzyň syýasatynda ileri tutulýan ugurlardan biridir. Biz bu iş üçin «Türkmennebit» Döwlet konserni bilen 15 ýyllyk şertnama baglaşdyk. 
«Mawy kenar» 2018-nji ýylda «Gazyk» hususy kärhanasynyň, Kanadanyň «Benel Technical Services» komapniýasynyň we «Hazar balygyň» bilelikdäki hyzmatdaşlygy esasynda döredildi. Topragy arassalaýyş desgamyz Hazar şäherinde ýerleşýär. Bu ýerde bug generatorlaryny we dizel generatorlaryny ulanyp, ýörite tehnologiýany gurnadyk. Biziň alyp barýan işlerimiz ýakyn geljekde ― 5-10 ýylyň içinde Balkan welaýatynda gülläp ösýän ösümlik we haýwanat dünýäsini görüp biljekdigimizi wada berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň