Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy konsullyk işgärleri üçin howpsuzlyk çärelerini güýçlendirýär

23:5518.03.2020
0
16102

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň işgärleri üçin howpsuzlyk çärelerini güýçlendirýär.
«Russiýanyň ähli konsullyk postlary üçin umumy talaplara laýyklykda, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň konsullyk bölümine we Türkmenbaşyndaky konsullyk nokadyna gelýänleriň hemmesinde lukmançylyk maskasy bolmaly. Bu gorag enjamlary bolmazdan myhmanlary kabul etmek amala aşyrylmaz» diýip, konsulluk edarasynyň metbugat gullugy tarapyndan habar berilýär.
Russiýanyň diplomatik edarasy, şeýle hem, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara dürli görnüşli wizalary gaýtadan işlemek we bermek üçin resminamalaryň kabul edilmeginiň wagtlaýyn togtatandygyny habar berýär.
Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasy hem iki ýurduň arasynda 2020-nji ýylyň 17-nji martynda yzygiderli gatnawlaryň togtadylmagy sebäpli, Türkmenistandaky raýatlarynyň wagtlaýynça Watanyna dolanmak mümkinçiligine seredýär .
Türkmenistanda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň tekliplerine laýyklykda we milli kanunçylygy göz öňünde tutup, howply ýokanç keselleriň öňüni almak üçin zerur çäreleriň öz wagtynda görülýändigini ýatladýarys. Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde, öň bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanda koronawirus keseli bilen bagly heniz ýekeje hadysa hem ýüze çykanok.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň