Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi uzakdan aragatnaşyk arkaly iş tertibine geçdi

23:5518.03.2020
0
11638

2020-nji ýylyň 17-nji martyndan bäri Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly dünýädäki häzirki epidemiologiki ýagdaý sebäpli, uzakdan aragatnaşyk arkaly iş tertibine geçdi. Şunuň bilen baglylykda, raýat işleri boýunça konsullyk bölümine ýüz tutmak üçin ilçihananyň web saýtynda hasaba alynmaly. Bu barada şu gün Moskwadaky türkmen ilçihanasynyň web saýtynda habar berildi.
Şol bir wagtyň özünde, ilçihana “ýakyn garyndaşynyň ölümi ýa-da agyr ýagdaýy (telegramma), şeýle hem çagalar üçin wiza bermek bilen baglanyşykly sebäplerden başga ýagdaýlarda Türkmenistana wiza almak üçin resminamalaryň kabul edilmeginiň wagtlaýyn togtadylýandygyny habar berýär.
Maglumatda raýatlaryň bu şu sebäpler bilen wiza ýüztutmalarynda COVID-19 koronawirus keseliniň ýokdugyny tassyklaýan şahadatnamanyň hem bolmalydygy aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň