Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» Türkiýeden Türkmenistana amala aşyrylýan ähli uçuşlary togtatdy

21:2018.03.2020
0
25971

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy Türkiýeden Türkmenistana amala aşyrylýan ähli uçuşlary wagtlaýyn togtatmak kararyna geldi. Bu barada şu gün Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web saýty habar berdi.
Bu kararyň çäginde, awiakompaniýa tarapyndan 2020-nji ýylyň 17-nji we 18-nji martynda meýilleşdirilen Stambul ― Türkmenabat we Türkmenabat ― Stambul ugurlary ýaly 2020-nji ýylyň 2-nji apreline çenli meýilleşdirilen ähli uçuşlar ýatyryldy. Has giňişleýin maglumat üçin «Turkish Airlinesiň» sowal-jogap merkezine +99361014433 telefon belgisi arkaly ýüz tutup bilersiňiz.
Soňky bir aýyň dowamynda «Turkish Airlines» koronawirusyň ýaýramagy sebäpli Italiýa, Yraga, Eýrana, Ukraina, Koreýa Respublikasyna we beýleki ýurtlara gatnawlary ýatyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň