Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2020: «Altyn asyryň» apreldäki duşuşyklary hem yza süýşürildi

16:0518.03.2020
0
4478

Aziýa Futbol Konfederasiýasy şu gün öz howandarlygynda mart we aprel aýlarynda geçiriljek ähli duşuşyklaryň möhletiniň yza süýşürilendigini habar berdi. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi web sahypasynda habar berilýär . 

AFK bu karara milli federasiýalardyr assosiasiýalardan gelen haýyşnamalary göz öňünde tutup geldi. Şeýlelikde, AFK-nyň howandarlygynda mart we aprel aýlarynda geçirilmegi meýilleşdirilen ähli duşuşyklar näbelli wagt aralygynda yza süýşürildi. Konfederasiýa bu duşuşyklaryň täze senelerini teklip etmezden ozal Ýer ýüzündäki saglyk bilen bagly ýagdaýlary ýene bir ýola seljerer.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň çempiony «Altyn asyryň» AFK-nyň kubogynyň çäginde aprel aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen duşuşyklary hem yza süýşdi. Duşuşyklaryň täze senesi AFK tarapyndan habar berler.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň 26-njy martda Koreýa Respublikasy bilen myhmançylykda geçirilmeli duşuşygynyň hem näbelli wagta yza süýşürilendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň