Soňky habarlar

Arhiw

«Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti içerki bazara önümleriniň täze görnüşlerini hödürleýär

11:5818.03.2020
0
15651

«Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti ýakynda alýuminiý potoloklaryň we gips panelleriniň önümçiligine hem girişdi. Täze önümçilik barada bu hojalyk jemgyýetiniň satyş işleri boýunça müdiri Ahmet Nuryýew TSTB-niň döredilmeginiň 12 ýyllygyna bagyşlanan sergide şeýle gürrüň berdi: 
― Täze önümlerimiz ses geçirmeýär, ikinjiden çyglylyga garşy durýar. Bu aýratynlyklaryň ikinjisi üçin panellere ýörite dizaýn berildi. 
Önümçilik üçin ýerli çig maldan peýdalanýarys. Daşary ýurtdan diňe winil satyn alýarys. Alýuminiý potolok gurluşlarynyň diapazony binanyň daşynda we içinde ulanmak üçin örän amatly: olar ýeňil, çyglylyga çydamly, akustiki we akustiki däl görnüşi bar.
Şereket potoloklardan başga-da 3 görnüşli profil, labyr, simleri öz içine alýan asma potolok ulgamlaryny öndürýär.
«Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti içerki bazarda özüni işjeň tanadýar, ýöne eýýäm alýuminiý potoloklaryny eksport etmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň