Soňky habarlar

Arhiw

«Aşgabat» bilen «Lebap» zenanlaryň arasyndaky futzal çempionatynda öňde barýar

18:1317.03.2020
0
3610

Şu gün Olimpiýa şäherçesindäki futzal meýdançasynda zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatynyň 2-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Deslapky tapgyr üç duşuşykdan ybarat boldy ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Tapgyrda «Lebap», «Aşgabat» we «Talyp sporty» toparlary uly hasaply ýeňişleri gazandylar. Has takygy, «Aşgabat» «Ahalyň» derwezesinden jogapsyz pökgüleriň 11-sini geçirdi. «Talyp sporty» bolsa «Balkany» 22:0 hasabynda ýeňdi. «Lebap» bilen «Daşoguzyň» arasyndaky duşuşyk bu toparlaryň ilkinjisiniň 13:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Yzda galan iki tapgyrdan soňra «Aşgabat» bilen «Lebap» ýaryşyň başyny çekýär. Häzir bu toparlaryň ikisi hem iki ýeňiş gazandy.

Çempionata 7 topar gatnaşýar. 3-nji tapgyryň duşuşyklary 18-nji martda geçiriler. Çempionat 22-nji marta çenli dowam eder.

Ikinji tapgyryň netijeleri:

«Daşoguz» — «Lebap» — 2:13

«Ahal» — «Aşgabat» — 0:11

«Balkan» — «Talyp sporty» — 0:22 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň