Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Ak Tam» mobil programmasy işläp başlady

16:5517.03.2020
0
7803

Täze döredilen we türkmen bazarynda köp sanly gurluşyk serişdelerini hödürleýän «Ak Tam Bazary» mobil programmasy «Play Market»-e çykaryldy .

Şeýlelikde, bu programmany ulanyjylar müşderiler öndürijiler, üpjün edijiler, distribýutorlar bilen gönüden-göni habarlaşyp bilerler.

«Ak Tam» tarapyndan işe girizilen programma aç-açan bahalary we ygtybarly töleg usullary bilen özüne çekýär.

«Ak Tam» hojalyk jemgyýeti 1993-nji ýylda işe başlady we ol häzirki wagtda içerki gurluşykda öňdebaryjylardan biridir. «Ak Tam»-yň esaslandyryjysy Akbäbek Taganowanyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda bu kompaniýa diňe bir gurluşyk serişdelerini, alýumin penjireleri we reňkli aýna önümlerini öndürmek bilen çäklenmän, emläk kärendesi, marketing, kosmetologiýa, oba hojalygy we gurluşyk serişdeleriniň söwdasy bilen hem meşgullanýar. Şeýle hem bu kompaniýa «Asman» çaphanasyna eýelik edýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň