Soňky habarlar

Arhiw

Astrahandan Türkmenbaşy portuna 150 müň tonna turba getirilýär

16:5117.03.2020
0
13570

«Turkmengaz» döwlet konserniniň uly göwrümli taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin Russiýadan diametri 325 millimetr we galyňlygy 7/8 millimetr bolan turbalaryň 150 müň tonnasy iberiler.

Häzir umumy agramy 2 314 tonna bolan  3 647 turba Astrahandan Türkmenbaşy halkara deňiz portuna gelip düşdi. Astrahan portunyň özünde bolsa 8 186 tonna ýük gämilere ýüklenilmegine garaşýar.

«Meno Logistiks» ulag we logistika kompaniýasy bu önümleriň Türkmenistana getirilmegine jogapkärdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň