Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça Permana gol çekdi

13:2415.03.2020
0
13699

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2020-nji ýylyň aprel – iýun aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmaly. Şeýle-de, çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan hem-de harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren uly ýaşly erkek raýatlary 2020-nji ýylyň aprel - iýun aýlarynda harby gulluga çagyrmaly. Şu Perman resmi çap edilen gününden herekete girýär.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde (14.03.2020 ý.) habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň