Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň baş tälimçisiniň şertnamasy tamamlandy, heniz täze şertnama baglaşylmady

14:5814.03.2020
0
5880

Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Robert Grdowiçiň baglaşan şertnamasynyň möhleti doldy. Häzirki wagtda tälimçi bilen täze şertnama baglaşylmady. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi web saýty habar berdi.

Şertnamanyň möhletiniň dolmagy we futzal boýunça Aziýa çempionatynyň soňa süýşürilmegi sebäpli, horwatiýaly hünärmen watandaşlary Ante Mişe we Sandro Tomiç bilen bilelikde Watanyna dolandy.

45 ýaşly Robert Grdowiç ýurduň futzal ýygyndysyna bir ýyl ýolbaşçylyk etdi. 2019-njy ýylyň mart aýynda onuň Türkmenistan milli futzal ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini ýatladýarys. Tälimçi bilen bir ýyllyk şertnama baglaşylypdy.

TFF-niň resmi web saýtynda berlen beýanatda: «Häzirki wagtda horwatiýaly hünärmenler bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin gepleşikler alnyp barylýar» diýilýär.

Aziýanyň futzal çempionaty yklymyň iň güýçli 16 ýygyndysynyň gatnaşmagynda 2020-nji ýylyň 26-njy fewralyndan 8-nji marty aralygynda geçirilmelidi. Ýöne dünýäde koronawirusyň ýaýramagy bilen ýagdaýyň agyrlaşmagy sebäpli çempionatyň geçiriljek wagty soňa süýşürildi. Şu hepde FIFA we AFK bu çempionatyň täze senesini tassyklady. Ol 2020-nji ýylyň 5 ― 16-njy awgusty aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň