Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk we senagat pudaklaryndaky käbir işlere nägilelik bildirdi

03:0514.03.2020
0
8016

13-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň gurluşyk senagatynyň işi barada aýdyp, pudaga ýeterlik maliýe serişdeleriniň gönükdirilýändigine garamazdan, gurulýan desgalaryň hiliniň we tabşyrylýan möhletiniň talabalaýyk gelmeýändigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutany ýurdumyzyň gurluşyk meýdançalarynda ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň üpjünçiliginiň bellenilen derejä laýyk gelmeýändigini aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrebaplaşdyrmagyň hem-de depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynda senagat pudagynyň ösüşine möhüm ähmiýet berilýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işlere düýpli nägilelik bildirip, ýerli çig mallary gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreleriň amala aşyrylmaýandygyny, pudaga sanly tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň derejesiniň pesdigini aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenhimiýa» döwlet konsernindäki işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, bu pudagyň ýolbaşçysynyň işine hem düýpli nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz bu pudagyň işinde köp sanly kemçilikleriň bardygyny aýtdy. Himiýa kärhanalarynyň köpüsi doly taslama kuwwatyna çykarylmaýar diýip, milletiň Lideri nygtady we degişli senagat kärhanalarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak üçin degişli çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna himiýa pudagynyň hereket edýän kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmagyň zerurdygyny belläp, eksporta niýetlenen himiýa önümleriniň möçberiniň artdyrylmagyna möhüm üns berilmelidigini aýtdy.

Önümçilige sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi we işgärler üçin amatly zähmet şertleriniň döredilmegi möhüm wezipe bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady we bu babatda wise-premýer Ş.Durdulyýewe anyk tabşyryklary berdi.

Bu mejlisden bir gün öň ― 12-nji martda Lebap welaýatynda iş saparynda bolan döwlet Baştutany Garlykdaky Kaliý zawdoynyň işine hem nägilelik bildirip, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň ýolbaşçysyna berk käýinç yglan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň