«Baýly — Gurluşyk» hususy kärhanasy Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny gurar

00:3514.03.2020
0
13417

Türkmenistanyň Prezidentiniň 13-nji martda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Baýly — Gurluşyk» hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň mart aýynda başlamak we binalar toplumyny 2022-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň