Soňky habarlar

Arhiw

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy

00:1714.03.2020
0
5145

13-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna «Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Milletiň Lideri wise-premýer Ç.Gylyjowy Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini mälim etdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, iki döwletiň halklaryny asyrlaryň dowamynda pugta dostluk hem-de goňşuçylyk gatnaşyklary, taryhyň, baý medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar.

Bu gün Türkmenistan hem-de Azerbaýjan ägirt uly serişde, ykdysady we ulag-aragatnaşyk mümkinçiliklerine eýedir. Şolaryň durmuşa geçirilmegi goňşy ýurtlaryň diňe bir milli bähbitlerine däl, eýsem, sebit we ählumumy durnukly ösüş maksatlaryna kybap gelýär diýip, döwlet Baştutany belledi hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň işine bu babatda möhüm ornuň degişlidigini ýene bir ýola nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyna oňyn täsiri bolan toparyň işini degişli derejede alyp barmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanynyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň