Arhiw

UEFA Çempionlar hem-de Ýewropa ligalarynyň 1/8 finalynyň jogap oýunlary soňa goýuldy

15:5113.03.2020
0
6672

UEFA-nyň ýolbaşçylarynyň gelen netijesi boýunça “covid – 19” wirusy sebäpli geljek hepdede oýnaljak UEFA Çempionlar ligasynyň hem-de Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň jogap oýunlary soňa süýşürildi. Bu barada UEFA-nyň resmi internet saýtynda habar berilýär. Mälim bolşy ýaly, “Mançester Siti”–“Real Madrid”, “Ýuwentus”–“Lion” duşuşyklarynyň wagty ozal süýşürilipdi. “Barselona”–“Napoli”, “Bawariýa”–“Çelsi” oýunlary bolsa, tomaşaçysyz oýnalmaly edilipdi. Häzirki wagtda bolsa, geljek hepdede UEFA-nyň bu iki ýaryşynyň çäginde hiçi hili duşuşyk geçirilmez. Ýaryşlaryň ikisiniň hem-de EURO-2020-niň ykbaly barada bolsa, 17-nji martda 55 federasiýanyň degişli ýolbaşçylary bilen teleköpri arkaly ýörite maslahat geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň