Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020: 7-nji tapgyryň duşuşyklary 20 gün öňe süýşürildi

15:3212.03.2020
0
3851

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň mart aýyndaky duşuşyklarynyň iýun aýyna geçirilmegi bilen, milli futbol çempionatynyň tapgyrlaryna hem üýtgeşme girizildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasyndan berlen maglumata görä, ozal 18 ― 19-njy aprelde geçirilmegi meýilleşdirilen 7-nji tapgyryň duşuşyklary 28 ― 29-njy mart günlerine geçirildi.

Bu tapgyrda “Köpetdag” – “Merw, “Nebitçi” – “Altyn Asyr”, “Aşgabat” – “Ahal” hem-de “Energetik” – “Şagadam” duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Ýokary liganyň ýaşlarr toparlarynyň arasyndaky birinjiligiň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary 27-nji hem-de 28-nji martda geçiriler.

Milli çempionatyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklarynyň geçiriljek günleri:

Ýaşlar toparlary:

27.03.2020 ý.

«Köpetdag ― 2» ― «Merw ― 2»

«Nebitçi ― 2» ― «Altyn asyr ― 2»

 28.03.2020 ý.

«Aşgabat ― 2» ― «Ahal ― 2»

«Energetik ― 2» ― «Şagadam ― 2».

Ýokary liga:

28.03.2020 ý.

«Köpetdag» ― «Merw»

«Nebitçi» ― «Altyn asyr»

29.03.2020 ý.

«Aşgabat» ― «Ahal»

«Energetik» ― «Şagadam».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň