Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ligasynda birbada 6 topar birinjilige dalaşgär

11:5812.03.2020
0
4564

Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde Türkmenistanyň futzal ligasynyň 3-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Tapgyr «Deňizçi» bilen «Olimpiň» arasynda bolan duşuşyk bilen açyldy. Türkmenbaşylylar garşydaşyň derwezesinden jogapsyz pökgüleriň 6-syny geçirdiler.

Ikinji duşuşykda «Senagatbank» Döwlet serhet gullugynyň «Serhetçisini» 13:2 hasabynda ýeňdi. Ýaryş tertibiniň öňdebaryjysy «Migrasiýa» bolsa «Gümrükçiden» 3:1 hasabynda üstün çykdy. «Daýhanbankdan» 2:3 hasabynda ýeňlen «Köpetdag» möwsümdäki ilkinji şowsuzlyk bilen ýüzbe-ýüz boldy.

3-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra 6 toparda ― «Senagatbankda», «Köpetdagda», «Migrasiýada», «Deňizçide», «Daýhanbankda» we «Gümrükçide» 6 utuk bar.

Liganyň 4, 5 we 6-njy tapgyrlarynyň duşuşyklary 26 ― 28-nji mart aralygynda Türkmenbaşy şäherinde geçiriler.

3-nji tapgyryň netijeleri:

«Deňizçi» — «Olimp» — 6:0

«Senagatbank» — «Serhetçi» — 13:2

«Migrasiýa» — «Gümrükçi» — 3:1

«Daýhanbank» — «Köpetdag» — 3:2

Ýaryş tertibi:

1. «Senagatbank» 3/6

2. «Köpetdag» 3/6

3. «Migrasiýa» 3/6

4. «Deňizçi» 3/6

5. «Daýhanbank» 3/6

6. «Gümrükçi» 3/6

7. «Serhetçi» 3/0

8. «Olimp» 3/0.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň