Soňky habarlar

Arhiw

Çempion çärýek finala çykyp bilmedi

11:0112.03.2020
0
3431

UEFA Çempionlar ligasynda ýene-de 2 çärýek finalçy belli boldy. Olaryň biri “Atletiko Madrid” bolup, Diego Simeoneniň tälim berýän topary kubogyň soňky eýesi, häzirki çempion “Liwerpuly” ýaryşdan çykardy. Madridde, “Liwerpulyň” mundan 10 aý ozal, kubok galdyran stadiony “Metropolitanada” 1-0 hasabynda ýeňen “Atletiko” myhmançylykda-da güýçli garşydaşyny ýeňmegi başardy. 43-nji minutda Wiýnaldumyň goly bilen öňe saýlanan “Liwerpul” 2-nji ýarymda onlarça pursaty gola öwrüp bilmedi. Şolaryň köpüsinde oýnuň gahrymany saýlanan Ýan Oblak topy saklamagy başardy. Duşuşygyň esasy wagty 1-0 hasabynda “Liwerpulyň” üstünligi bilen tamamlandy. Goşmaça 30 minutyň 4-nji minutynda Wiýnaldumyň pasyndan soň, Firmino hasaby 2-0-a çykardy. Ýöne ruhdan düşmedik ispan toparynyň oýunçylary goşmaça wagtyň ilkinji 15 minuty tamamlanmanka hasaby deňlemegi başardylar. Gollaryň ikisini hem 56-njy minutda oýna giren Markos Llorente derwezä girizdi. Ol 97-nji we 105+1-nji minutlarda tapawutlandy. Aýratynam 1-nji golda “Liwerpulyň” derwezeçisi Adrian gödek ýalňyşlyk goýberdi. Duşuşygyň 120+1-nji minutynda-da Alwara Morata oýna soňky nokady goýdy. Şeýlelikde, geçen möwsümiň finalçysy “Tottenhemden” soň, çempion “Liwerpul” hem Çempionlar ligasy bilen hoşlaşmaly boldy. “Liwerpul” 25 oýundan soň, öz meýdançasynda ýeňlişe sezewar boldy.

Beýleki bir duşuşykda-da PSŽ janköýersiz oýnalan duşuşykda “Borussiýa Dortmunddan” 2-0 üstün çykdy. 1-nji oýunda 2-1 asgyn gelen PSŽ-niň gollaryny Neýmar (28) bilen Bernat (45+1) derwezä girizdi. PSŽ 3 ýyldan soň, 6-njy gezek çärýek finala adyny ýazdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň