Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Bilelikdäki Beýannamasy

20:5111.03.2020
0
7025

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 11-nji martynda Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary boldy.

Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri (mundan beýläk-Taraplar):

ýokaty derejede ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda gepleşikleri geçirip, özara gyzyklanma bildirilýän häzirki zaman halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşyp, meseleleriň giň toplumy boýunça özara düşünişmegiň gazanylandygyny bellediler;

Türkmeniştanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky 2017-nji ýylyň 8-nji awgustyndaky Jarnama esaslanyp, strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen bellediler, bu bolsa sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde esasy şert bolup durýar hem-de iki ýurduň halklärynyň arasynda taryhy taýdan däbe öwrülen dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hyzmat edýär, şeýle hem;

halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän esasy meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini nygtadylar hem-de dünýä giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar;

Türkmenistan we Azerbaýjan Respublikasy agzalary bolup durýan halkara guramalarynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler. Prezidentler ählumumy meseleleri çözmekde, durnukly ösüşi üpjün etmekde, dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda, şeýle hem halkara bileleşiginiň halkara parahatçylygyna howp döredýän agressiýä hereketlerine garşy gönükdirilen tagallalaryny artdyrmakda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň edaralarynýň ornuny ýokarlandyrmagyň möhümdigini tassykladylar;

Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň dostlukly döwletler bolmak bilen, bir-biriniň özygtyýarlylygyny, çäkleriniň bitewüligini we halkara derejesinde ykrar edilen serhetleriniň eldegrilmesizdigini aýgytly goldaýandyklaryny ýene-de tassykladylar;

gapma-garşylyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna laýyklykda döwletleriň özygtyýarlylyk, çäkleriniň bitewüligi we halkara derejesinde ykrar edilen serhetleriniň bozulmazlygy ýörelgelerini hormatlamak hem-de berjaý etmek esasynda parahatçylykly serişdeler arkaly çözmegiň zerurdygyny aýratyn bellediler;

halkara terrorçylygyna, ekstremizme, bikanun migrasiýa, neşe serişdeleriniň ýa-da psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygyna, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga we halkara howpsuzlygynyň beýleki wehimlerine hem-de howplaryna garşy göreşde ikitaraplaýyn derejede hem, halkara guramalarynyň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar;

syýasy, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer ugurlarda we beýleki ugurlarda döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary depginini bellediler;

Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň strategiki häsiýetini bellediler;

şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň 2019-2021-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň möhümdigini tassykladylar;

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-azerbaýjan toparynyň ornuny ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda ulag-kommunikasiýa ulgamynda ösdürmek boýunça utgaşdyryjy edara hökmünde mundan beýläk-de güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtadylar hem-de onuň mejlislerini ýakyn wagtda geçirmegiň maksadalaýykdygyny bellediler;

şunuň bilen baglylykda, özara maýa goýumlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygyň şertleriniň biri bolup durýandygyny aýratyn belläp, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda maýa goýumlaryny geljekde hem goldamaga, goramaga we höweslendirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler;

ulaglar, energetika, senagat, söwda we oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin amatly şertleriň bardygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Taraplar işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de höweslendirmegiň,
iki ýurtda öndürilýän önümler bilen özara tanyşmagyň, eksport-import mümkinçiliklerini öwrenmegiň hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze görnüşlerini gözlemegiň zerurdygy barada aýtdylar:

telekeçilik işi üçin amatly ykdysady, maliýe we hukuk şertlerini döretmegiň, harytlary we hyzmatlary dünýä bazarlaryna çykarmagyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrjak işewürler maslahatlaryny guramagyň möhümdigini bellediler;

sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, mundan beýläk-de bilelikde energetika taslamalaryny işläp taýýarlamak we amala aşyrmak barada maksatlaryny beýan etdiler;

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda göni gatnawlary açmagy aýratyn bellediler, bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda syýahatçylygy, medeni taýdan alyşmagy ösdürmäge, halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge, özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga hyzmat eder;

ulag we üstaşyr ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň ýurtlaryň we olaryň sebitleriniň arasynda halkara söwdasyny ösdürmekde esasy ähmiýetiniň bardygyny tassykladylar;

Ulag, üstaşyr we logistika boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparynyň Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň üstaşyr, şeýle hem eksport-import ýüklerini daşamak meselelerini dessin çözmekde möhüm ornunyň bardygyny bellediler;

iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän ulag babatdaky möhüm taslamalary, şol sanda Owganystan-Türkmenistan - Azerbaýjan- Gruziýa-Türkiýe ulag geçelgesiniň taslamasyny şeýle hem Hazarüsti halkara ulag ýollarynyň çäklerinde taslamalary geljekde hem goldajakdyklaryny beýan etdiler;

iki ýurduň çäklerinden geçýän halkara ulag ýollarynyň bäsleşige ukyplylygyny we özüne çekijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, daşary söwda ýükleri üstaşyr daşalanda nyrhlary mundan beýläk-de amatlylaşdyrmaga we preferensial şertleri döretmäge gönükdirilen yzygiderli özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardyklaryny ýeňe-de tassykladylar;

uly mümkinçilikleri bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny we Baku Halkara deňiz söwda portuny doly güýjüňde ulanmagyň zerurdygyny ýene-de bellediler, munuň özi iki ýurduň üstaşyr mümkinçiligini ösdürmäge we Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň üstunden daşalýan ýükleriň möçberlerini artdymak üçin amatly şertleri döretmäge ýardam berer;

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistana saparynyň dowamynda gol çekilen resminamalaryň we üstaşyr gatnaw we ulag hyzmatdaşlygy hakynda 2017-nji ýylyň 15-nji noýabryndaky Ylalaşygy (Lazurit ugry boýunça Ylalaşyk) is ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhümdigini aýratyn bellediler;

Türkmenistan-Azerbaýjan ugry boýunça Hazar deňziniň düýbünden optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmagyň, oňa eýelik etmegiň we ondan peýdalanmagyň taslamasyny çalt durmuşa geçirmegiň zerurdygyny beýan etdiler;

durmuş taýdan howpsuzlygy we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge hyzmat edýän, Häzar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň düýpli hukuk binýadynyň bardygyny hem-de ony emele getirmäge Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň goşandyny kanagatlanmak bilen bellediler.

Taraplar esas goýujy resminama bolan Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýany netijeli durmuşa geçirmegiň halkara hukugynyň ýörelgelerinden we kadalaryndan ugur alyp, iki ýurduň arasynda deňziň düýbüni we baýlyklaryny araçäklendirmäge degişli meseleleriň çözülmegini talap edýändigini beýan etdiler. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek meseleleri boýunça Bilelikdäki iş toparynyň işini dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi;

ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns berip, degişli guramalaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň, barlag merkezleriniň, okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Ylym we tehnika, sport we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy düýpli işjeňleşdirmek hakynda ylalaşyk gazanyldy;

medeni gatnaşyklaryň Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşýandygy, iki ýurduň halklarynyň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi berkitmäge we medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna ýardam berýändigi hakyndaky pikiri beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, Taraplar bilim, ylym we medeniýet babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermegi ylalaşdylar;

iki ýurduň halklarynyň arasynda däp bolan dostlugy mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet günlerini Azerbaýjanda we Azerbaýjanyň Medeniýet günlerini Türkmenistanda geçirmegi, şeýle hem medeniýet we sungat işgärleriniň wekiliýetlerini yzygiderli alyşmagy dowam etmek meýlini beýan etdiler;

öz döwletleriniň sport babatdaky özara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga taýýardygyny beýan etdiler, şeýle hem türgenleri taýýarlamak, köpçülikleýin sporty we sport ylmyny ösdürmek babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň zerurdygyny bellediler;

iki ýurduň raýatlarynyň hereket etmegini ýönekeýleşdirmek üçin özara wiza amallaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini bellediler;

ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we giňeltmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, şu saparyň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn hökümetara we pudagara resminamalaryň ähmiýetini bellediler, bu resminamalar Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge hyzmat eder;

geçirilen gepleşikleriň we saparyň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine, Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň doganlyk halklarynyň bähbitlerine hyzmat etjekdigine, olaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen wekiliýetine görkezen myhmansöýerligi, mähirli we dostlukly kabul edendigi üçin, Azerbaýjan Respublikasynyn Prezidenti Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar boýunça ylalaşylar.

Baku şäherinde 2020-nji ýylyň 11-nji martynda her biri türkmen, azerbaýjan we rus dillerinde iki asyl nusgada gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham ALIÝEW

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň