Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Hazar Konwesniýasynyň wezipelerini bilelikde durmuşa geçirmegi teklip edýär

14:5711.03.2020
0
4522

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Bakuwda geçirilen ýokary derejeli türkmen-azerbaýjan gepleşiklerinde Hazar Konwensiýasyny bilelikde durmuşa geçirmegi teklip etdi diýip, TDH habar berýär.

2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktau şäherinde kenarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň arasynda Hazar deňziniň kanuny ýagdaýy baradaky Konwensiýana gol çekilmegi ykdysadyýet, söwda, ulag, daşky gurşaw we beýleki ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini bagyşlady.

«V Hazar sammitiniň habarnamasynda daşary işler ministrlikleriniň howandarlygynda bäş taraplaýyn geňeşmeler üçin ýörite mehanizmi döretmek kararyna gelindi. Oňa ýokarda görkezilen resminamanyň düzgünlerini iş ýüzünde ulanmak wezipeleri ýükleniler we Türkmenistan bu işe ýakyndan gatnaşmaga taýýardyr» diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutany beýleki meseleler boýunça hem doly gutarylmadyk resminamalaryň, hususan-da käbir pudaklar we durmuş ugurlary boýunça esasy şertnamalaryň üstünde işlemegiň möhümdigini nygtady.

Hazar meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we diwersifikasiýa etmek nukdaýnazaryndan Berdimuhamedow geçen ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynda Azerbaýjanyň premýer-ministriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň hem gatnaşmagynda gol çekilen resminamalaryň ähmiýetine ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň