Arhiw

Berdimuhamedow Ilham Aliýewi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmaga çagyrdy

14:1111.03.2020
0
5898

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Alyýewi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Bu dabaralaryň çäginde şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahaty meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, bu forumda Azerbaýjan Lideriniň gatnaşmagynyň görnükli we möhüm ähmiýetli waka boljakdygyna ynam bildirdi.

Şeýle hem, Berdimuhamedow Azerbaýjan tarapyna Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni hökmünde ykrar etmegindäki goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň