Berdimuhamedow: «Bakuwa resmi saparymyzyň esasy maksady döwletara hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmekden ybaratdyr»

13:2111.03.2020
0
4707

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Azerbaýjanyň Prezidetiniň «Zagulba» kabulhanasynda geçirilen türkmen-azerbaýjan gepleşiklerinde bu saparyň ähmiýetine ünsi çekip, şeýle diýdi: «Bakuwa amala aşyrýan resmi saparymyzyň esasy maksady döwletara hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmekden we oňa iki ýurduň islegine we mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze hil we mazmun bermekden ybarat».

Türkmenistan Lideri 59 sany döwletara we 30 sany pudagara resminamany öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berk kanuny esaslarynyň döredilendigini nygtady. Olar dürli ugurlara degişlidir. Bu ýagdaý özara gatnaşyklar üçin çynlakaý giňişligiň bardygyny görkezýär diýip, TDH milletiň lideriniň aýdanlaryna salgylanýar.

Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy, ilkinji nobatda, iki döwletiň halkara we sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny goramak we berkitmek baradaky borçnama esaslanýar. Bu möhüm meselede Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň ornunyň Merkezi Aziýada, Kawkazda, Hazar deňzi sebitinde syýasy tutumlaryň ösmegine möhüm täsir edýändigi nygtaldy.

Bu meselede Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki şertlerde Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropadaky Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we beýleki halkara we sebit gurluşlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň zerurdygyna ynanýandygyny aýtdy.

Türkmen Lideriniň aýdyşy ýaly, şeýle hyzmatdaşlyk mümkin boldugyça, anyk bolmaly, taraplaryň bilelikdäki diplomatik we beýleki tagallalaryna has netijeli gatnaşyp boljak ileri tutulýan ugurlar görkezilmelidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bakuwa bir günlük resmi sapary dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň