Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň toparlary Özbegistanyň Liga kubogyna gatnaşar

11:5411.03.2020
0
4598

Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň öňdebaryjy toparlary Özbegistanyň futbol boýunça Liga kubogy ugrundaky açyk ýaryşa gatnaşar. Bu barada Özbegistanyň Futbol assosiasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Habarda aýdylyşy ýaly, şu ýyl bu ýaryşa Gyrgyzystandan we Täjigistandan dört topar gatnaşar. Has takygy, «Dordoý», «Alaý», «Abdyş-Ata» we «Kaganat» gyrgyz toparlary bilen bilelikde, Täjigistanyň «Hujand», «Regar-TadAZ», «Kuktoş» we «Istarawşan» toparlary goňşy döwletdäki açyk ýaryşa gatnaşar.

Özbegistanyň Liga kubogy oňa gatnaşyjy toparlar üçin ajaýyp halkara tejribe bolar. Duşuşyklaryň eminleri, komissarlary we gözegçi eminleri hem oňa gatnaşýan döwletlerden belleniler. Bu ýaryş toparlara AFK-nyň howandarlygynda geçirilýän halkara ýaryşlara netijeli taýýarlanmaga kömek berer.

Geljek möwsümde Özbegistanyň Liga kubogyna Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan toparlaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Has takygy, Owganystanyň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň toparlaryna hem çakylyk ýollanylar.

Özbegistanyň Liga kubogy täze ýaryşdyr. Ol ilkinji gezek geçen ýyl geçirildi. Ilkinji ýaryşa ýurduň Superligasyndaky 14 topar bilen bilelikde Proliganyň ýörite ygtyýarnamasy iki wekili gatnaşdy. Ýaryş maý aýynyň ortalarynda başlandy we noýabr aýynyň başynda tamamlandy. Finalda AGMK-ni ýeňen «Pahtakor» Özbegistanyň Liga kubogynyň ilkinji ýeňijisi boldy.

2020-nji ýyldaky ýaryş alty tapgyrdan ybarat bolup, ol 1/32 finaldan başlar:

1/32 final ― 7-8-nji aprel

1/16 final ― 22-23-nji aprel

1/8 final ― 29-30-31-nji maý (Gatnaşyjy ýurtlaryň çempionlary Liga kubogynyň ýaryşlaryna 1/8 finaldan gatnaşyp başlar)

Çärýek final ― 5-nji awgust

Ýarym finallar ― 12-nji awgust

Final ― 26-njy awgust.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň