Soňky habarlar

Arhiw

Çempionlar ligasynyň täze çärýek finalçylary

10:4311.03.2020
0
4161

Düýn gijeki oýnalan 1/8 finalyň jogap oýunlarynda 1-nji duşuşykda üstün çykan toparlar ýene-de ýeňiş gazanmagy başardy. Ispaniýada janköýersiz oýnalan duşuşykda “Walensiýa” bilen “Atalanta” toparlary duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda myhmanlar 4-3 hasabynda ýeňiş gazandy. 1-nji oýunda-da 4 golly (4-1) ýeňiş gazanan “Atalantanyň” gollarynyň dördüsini hem Ýosip Iliçiç derwezä girizdi. Ol 3-nji we 43-nji minutlarda penaltiden hem-de 71-nji we 82-nji minutlarda tapawutlanmagy başardy. 32 ýaşly Iliçiç utulan-çykdy tapgyrynda myhmançylykda 4 gol geçiren ilkinji futbolçy boldy. Duşuşykda “Walensiýanyň” adyndan bolsa, Kewin Kameiro (21, 51) bilen Ferran Torres (67) tapawutlandy. Şunlukda, ilkinji gezek Çempionlar ligasynda çykyş edýän “Atalanta” ýaryşyň täze çärýek finalçysy bolmagy başardy. “Atalanta” Çempionlar ligasynda çärýel finala çykan 5-nji italýan topary boldy.

Londondan 1-0 hasabynda ýeňiş bilen dolanan “Leipsig” öz meýdançasynda-da “Tottenhemi” 3-0 ýeňlişe sezewar etdi. Nemes toparynyň gollaryny Marsel Sabitser (10, 21) bilen Emil Forsberg (87) derwezä girizdi. 2-nji synanyşygynda çärýek finala çykan “Leipsig” şu ýaryşda adyny iň gowy 8 klubuň hataryna goşmagy başaran 7-nji nemes kluby hökmünde hasaba alyndy. Şeýle-de toparyň 32 ýaşly tälimçisi Ýulian Nagelsman çärýek finalda çykyş etjek iň ýaş tälimçi boldy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň