Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen samboçylary Awazada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirerler

10:2411.03.2020
0
6078

Häzirki wagtda Türkmenistanyň sport samboçylarynyň iň oňat ussatlary 15-nji martda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda başlajak we iki hepde dowam etjek türgenleşige taýýarlanýar ― diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär. Olar bilen bilelikde söweş sambosynyň türkmenistanly ussatlary hem öz taýýarlyklaryny ýokarlandyrarlar.

Ýakynda Russiýanyň Soçi şäherinde söweş sambosy boýunça ýaşlaryň arasynda ilkinji professional ligasynyň tutluşyklary geçirildi. Ýaryşyň dowamynda gurnalan «tegelek stoluň» başyndaky pikir alyşma sambonyň dünýä ýüzündäki meşhurlygyny artdyrmaga bagyşlandy. Duşuşyga yklym we milli federasiýalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň baş sekretary Azat Myradow gatnaşdy. Ol  Professional ligany giňeltmek baradaky taslama Türkmenistanyň adyndan goldaw berdi . Şunuň bilen baglylykda degişli beýannama kabul edildi.

Türkmen söweş sambo mekdebi halkara sport arenasynda öňdebaryjy orunlardan birini eýeleýär. Geçen ýylyň noýabr aýynda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seulda geçirilen dünýä çempionaty munuň aýdyň subutnamasy boldy. Çempionatda söweş sambosynyň türkmen ussatlary ýokary netijäni görkezip, bir kümüş we üç bürünç medal gazandylar. Has takygy, bu ýaryşda Kerimberdi Döwletow (62 kilograma çenli) wise-çempion boldy, Nowruz Ataew (52 kg çenli), Ahmet Tanryberdiýew (57 kg çenli) we Çarymyrat Annagurbanow (100 kg çenli) dagylar bolsa bürünç medala mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň