Aşgabatda sport sambosy boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

10:1711.03.2020
0
7773

Gökje obasynda ýerleşýän 4-nji sport mekdebinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda sport sambosy boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Erkekleriň arasynda 52 kilograma çenli agram derejesinde Gurtgeldi Gurtgeldiýewe, 57 kilograma çenli agramda Arslan Ysmaýylowa, 62 kilogramda Sapar Döwletowa, 68 kilogramda Kössek Kössekowa, 74 kilogramda Begenç Balraýewe, 82 kilogramda Samwel Aýrapetýana, 90 kilogramda Tejen Tejenowa, 100 kilogramda Ruslan Esgerowa, 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde bolsa Daýanç Taganowa taý tapylmady.

Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa Dinara Iwadullaýewa (48 kilograma çenli), Weronika Rus (52 kilograma çenli), Madina Aýdogdyýewa (56 kilograma çenli), Wioletta Krowýakowa (60 kilograma çenli), Dilber Atajanowa (64 kilograma çenli), Dinara Hallyýewa (68 kilograma çenli), Mariýa Lohowa (72 kilograma çenli), Jahan Muhammedowa (80 kilograma çenli) we Maksuda Egemberdiýewa (80 kilogramdan ýokary) dagylar hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdylar.

Ýaryşyň netijelerine görä, şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Sambo dünýä çempionatyna gatnaşjak milli ýygyndymyzyň deslapky düzümi dörediler. 

Söweş sambosy boýunça milli çempionat bolsa öňümizdäki tomusda geçiriler. 

Halkara Sambo Federasiýasy (FIAS) dünýä çempionatyny Aşgabatda geçirmek baradaky karara geçen ýylyň mart aýynda Moskwada geçirilen mejlisinde geldi. Sesleriň köplügi bilen Türkmenistan nobatdaky çempionaty kabul etjek döwlet hökmünde saýlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň