Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy Stambula gatnawlary wagtlaýyn Türkmenabat şäherinden amala aşyrýar

23:3410.03.2020
0
77808

«Turkish Airlines» kompaniýasy şu gün Stambul ― Türkmenabat aralygynda howa gatnawlaryny amala aşyryp başlaýar. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasy habar berdi . Kompaniýa Aşgabat şäherine gatnawlary wagtlaýyn togtadýar.

Türk ilçihanasynyň beýanatynda aýdylyşy ýaly, bu karara koronowirusyň (COVID-19) ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen gelindi.

Häzire çenli Stambul şäherine amala aşyrylýan gatnawlar Aşgabadyň Halkara howa menzilinden ugradyldy. Stambul gelýän uçarlar ilki Türkmenabada gondurylyp, ýolagçylar lukmançylyk barlagyndan geçirildi.

«Turkish Airlines» kompaniýasynyň täze gatnaw tertibi:

TK 312, Stambul ― Türkmenabat, 2020-nji ýylyň 10 ― 27-nji marty aralygynda. Gidiş wagty: 20:50. Geliş wagty: 03:10. Gatnaw hepdäniň sişenbe we anna günlerinde amala aşyrylýar.

TK 313, Türkmenabat ― Stambul, 2020-nji ýylyň 11-28-nji marty aralygynda. Gidiş wagty: 04:05. Geliş wagty: 06:55. Gatnaw hepdäniň çarşenbe we şenbe günleri amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň