Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasyna badalga berildi

11:5210.03.2020
0
5151

Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde geçirilen dört duşuşyk bilen Türkmenistanyň ikinji Naýbaşy futzal ligasyna badalga berildi. Bu barada Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Birinjilik ugrunda ýaryşýan 8 topar oktýabr aýyna çenli dowam etjek ýaryşyň çäginde biri-biri bilen dört gezekden duşuşar. Nobatdaky möwsümde hem iň rüstem topar hökmünde ozalky çempion «Köpetdagy» görkezip bileris. Ýeri gelende aýtsak, «Köpetdagyň» liganyň ilkinji möwsüminde gazanan çempionlygy topara şu ýylyň awgust aýynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek klublaýyn yklym çempionatyna gatnaşmak hukugyny berdi. Şeýle hem şu gezekki ýaryşa «Migrasiýa», «Olimp», «Serhetçi», «Daýhanbank», «Gümrükçi», «Senagatbank» we «Deňizçi» (Balkan welaýaty) toparlary gatnaşýar.

Duşuşyklar häzir Olimpiýa şäherindäki Sportuň oýun görnüşleri toplumynda geçirilýär. Ýaryşyň käbir duşuşyklaryny Balkan, Daşoguz hem-de Mary şäherlerindäki döwrebap toplumlarda geçirmek hem bellenildi.

1-nji tapgyryň netijeleri:

 «Köpetdag» — «Olimp» — 7:1

«Deňizçi» — «Serhetçi» — 6:2

«Daýhanbank» — «Gümrükçi» — 2:6

«Senagatbank» — «Migrasiýa» — 5:0.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň