Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020: «Ahal» Ýokary ligadaky 230-njy ýeňşini gazandy

09:5810.03.2020
0
1048

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsümine üstünlikli girişen «Ahal» 1-nji tapgyrdaky netijeli oýny bilen Ýokary ligadaky 230-njy ýeňşini gazandy.

1992-nji ýyldan bäri Ýokary ligada arakesmeler bilen çykyş edip gelýän we häzir 20-nji möwsümine girişen «Ahalyň» çempionatdaky ilkinji ýylynda 22 duşuşykda ýeňiş gazanyp, bürünç medala mynasyp bolandygyny ýatlamak gerek. Ýöne toparyň ýeňiş rekordy başga bir ýyla degişli. Has takygy, «Ahal» 2014-nji ýylda Guwançmuhammet Öwekowyň ýolbaşçylygynda 32 duşuşygyň 28-sinde ýeňiş gazandy we «Altyn asyrdan» bary-ýogy 5 utuk yzda çempionaty kümüş medal bilen tamamlady.

«Ahalyň» şowsuz çykyş eden möwsümi bolsa 2008-nji ýyldyr. Üç ýyllyk arakesmeden soňra şol möwsümde Ýokary ligada gaýtadan dolanyp gelen «Ahal» 20 duşuşygyň diňe ýekejesinde ýeňiş gazanyp bilipdi. Has beteri hem topar 11 toparyň arasynda 10-njy orny eýeläpdi.

Geçen möwsümi 15 ýeňiş we kümüş medal bilen tamamlan «Ahal» Ýokary liga ― 2020-de, häzirlikçe, ýeňiş gazanan ýeke-täk topardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň