Soňky habarlar

Arhiw

Milli bahar baýramy mynasybetli täze gatnaw ugurlary

00:4909.03.2020
0
22108

«Türkmenawtoulaglary» agentligi Milli bahar baýramy mynasybetli ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň has-da ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen täze gatnaw ugurlaryny ýola goýýar.

2020-nji ýylyň 17 – 24-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinden Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyna» 75-nji «Awtokombinat – Nowruz ýaýlasy» we 82-nji «Wokzal – Nowruz ýaýlasy» ugurlary boýunça awtobus gatnawlary ýola goýulýar, şeýle-de gije-gündiziň dowamynda ýeňil taksi hyzmatlary ýolagçylaryň hyzmatynada bolarlar. 

Bu barada agentligiň resmi internet saýtynda (https://awtoulag.gov.tm/) habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň