Mukamlar köşgünde Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti boldy

17:5908.03.2020
0
8602

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy ― diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Sahnada ýurdumyzyň belli horeografiýa hem-de folklor toparlary, meşhur aýdymçylary çykyş etdiler. Olar milli nusgawy saz eserlerini, zenanlar hakyndaky hem-de gelin-gyzlar üçin niýetlenen estrada we halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirdiler. Çykyşlar ene söýgüsine, mähriban topragymyza bagyşlandy.

Ýurdumyzyň tans toparlarynyň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasy baýramçylyk konsertiniň baş bezegine öwrüldi. Olar sazyň hem-de joşgunly tansyň üsti bilen türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşinde bütin dünýäde Watanymyzyň häzirki döwürde gazananlaryny şöhratlandyrmakda zenanlarynyň eýeleýän uly ornuny wasp etdiler.

«Ruhubelent çagalar», «Joşgun» çagalar tans toparlary we «Güneş» çagalar hor topary özleriniň ajaýyp çykyşlaryny, mähre hem-de söýgä ýugrulan döredijilik sowgatlaryny enelere bagyşladylar.

Belli wäşi artistler hem öz çykyşlary bilen zenanlara bolan hoşallyklaryny beýan etdiler. Gyzlara gül gowşuran ýaş artistleriň gülküli çykyşlary tomaşaçylarda aýratyn täsirler galdyrdy.

Aýdymçylar toparynyň dünýäniň dürli dillerinde ýerine ýetiren aýdymlary perzentleriň enä bolan bimöçber söýgüsiniň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň dörediji zenanlara bolan hormatyna aýdylan hoşallygyň senasyna öwrüldi.

Ýurdumyzyň birleşen folklor toparlarynyň ýerine ýetiren «Küştdepdi» aýdymly tans dessury bu ýerde guralan çäräniň maksatnamasynyň üstüni ýetirdi.

Garaşsyz bitarap Watanymyza we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine ägirt uly özgertmeleri durmuşa geçirýän, maşgala ojaklarynyň sütüni hasaplanylýan zenanlar hakynda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan buýsanja beslenen «Eneleriň bagtynda ýaşa, Arkadag!» atly aýdym döwlet konsertiniň jemlemesine öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň