Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020: «Ahal» ýeňiş, «Şagadam» deňlik bilen başlady

23:4907.03.2020
0
14564

Şu gün Aşgabatda we Türkmenbaşyda geçirilen iki duşuşyk bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 1-nji tapgyry dowam etdi.

Paýtagtda «Aşgabat» köpugurly stadionynyň baş meýdanynda «Ahal» geçen möwsümde netijeli çykyş edip bilmedik «Nebitçini» kabul etdi. Möwsümiň bosagasynda düzümini tejribeli futbolçylaryň birnäçesi bilen güýçlendiren myhmanlar güýçli garşydaş bilen mynasyp derejede oýun geçirdiler, ýöne olar barybir 0:2 hasabynda ýeňilmekden halas bolup bilmediler. «Ahalyň» pökgüleriniň möwsümiň bosagasynda topara «Altyn asyrdan» goşulan Myrat Ýagşyýew (22-nji minutda) bilen ýarym goragçy Elman Tagaýew (73-nji minutda, 11 metrlik jerime urgusyndan) geçirdi.

Geçen möwsümi bürünç medal bilen tamamlan «Şagadam» öz meýdanynda «Aşgabat» bilen 0:0 hasabyndaky deňlik bilen oýnady. Oýun wagtynda ýüze çykan güýçli ýel toparlaryň oýnuna ýaramaz täsirini ýetirdi.

«Altyn asyr» bilen «Merwiň» arasyndaky duşuşyk 20-nji marta geçirildi. Şeýlelikde, 1-nji tapgyrdan soňra «Ahal» 3 utuk bilen ýaryş tertibiniň başyna geçdi. Hatda ol tapgyrda ýeňiş gazanan ýeke-täk topardyr.

Türkmenistanyň futbol çempionaty. Ýokary liga ― 2020.

Birinji tapgyryň netijeleri:

«Şagadam» – «Aşgabat» – 0:0

 

«Ahal» – «Nebitçi» – 2:0 (1:0)

Pökgi geçirenler: Myrat Ýagşyýew 22, Elman Tagaýew (73 – 11 metrlik jerime urgusyndan).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň