Soňky habarlar

Arhiw

Wahyt Orazsähedow «Istiklolyň» düzüminde «Hujand» bilen boljak duşuşyga taýýarlanýar

21:2707.03.2020
0
5066

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedow Duşenbäniň «Istiklol» toparynyň düzüminde AFK-nyň kubogy ― 2020-niň birinji tapgyrynda «Hujand» bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlanýar. Topar türkmenistanly hüjümçi bilen şertnama baglaşylandygy barada heniz resmi ýagdaýda habar bermedi.

Yklym ýaryşynyň «Istiklol» bilen «Hujandyň» arasynda boljak ilkinji duşuşygy 11-nji martda Duşenbe şäherindäki Merkezi stadionda geçiriler. Ol ýerli wagt bilen agşam sagat 18-de başlanar. Duşuşykda stadiona janköýerler goýberilmez diýip, «Istiklolyň» resmi saýty habar berýär.

Futbol janköýerleri üçin üçin bu duşuşygyň Täjigistanyň «Warziş» we «Futbol» teleýaýlymlaryndan göni ýaýlymda görkeziljekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň