Soňky habarlar

Arhiw

Hökümet mejlisi: Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamynyň işi güýçlendiriler

17:3207.03.2020
0
1445

6-njy martda ýylyň iki aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti degişli wise-premýere syýahatçylyk ulgamynyň işini güýçlendirmek hem-de döwrebap ýola goýmak barada anyk tabşyryklary berdi.

Ozal Türkmenistanda syýahatçylyk işi ýörite komitet tarapyndan alnyp barylýardy. Türkmen Lideriniň başlangyjy bilen bu pudagyň girdejiligini we netijeliligini has ýokarlandyrmak maksady bilen, onuň işi kämilleşdirildi. Şeýlelikde, bu işe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem çekildi.

Häzir ýurtda syýahatçylyk işiniň aglaba bölegini bu birleşmäniň agzalary alyp barýarlar. Türkmenistandaky syýahatçylyk kärhanalarynyň agramly bölegi hususylaşdyryldy.

Agzalan Hökümet mejlisinde döwlet Baştutany ulgamyň işini mundan beýläk-de güýçlendirmek üçin degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Taryhy ýadygärlikleriniň birnäçesi ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri örän köpugurlydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň