Arhiw

21-nji martda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

23:3006.03.2020
0
6360

Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem «Ýurdumyzda 2020-nji ýylda bag ekmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran 1617-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2020-nji ýylyň 21-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň