Türkmenistan oba hojalyk tehnikalarynyň ýene-de uly toplumyny satyn alar

23:0706.03.2020
0
9859

Türkmenistanyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine bugdaý we şaly ýygýan kombaýnlary, sürüm traktorlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, çalgy ýaglaryny, sarp ediş serişdelerini hem-de ýük awtoulaglarynyň we traktorlaryň tigirlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň