Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Köpetdagyň eteginde döredilen ýaşyl zolaklary synlady

12:0206.03.2020
0
7025

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde döredilen ýaşyl zolaklary synlady. Milletiň Lideri bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň haýyşy boýunça köpçülikleýin bag ekmek dabarasy üçin niýetlenen bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanyşdy ― diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Şapolat atly bedewe atlanyp, bu ýerde döredilen tokaý zolaklaryny, dag eteklerinde ekilen baglary synlady. Wise-premýer E.Orazgeldiýew her künjegiň toprak-howa şertlerini nazara alyp, ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň görnüşlerini görkezip, olary synlamagy we bu babatda degişli öwüt-ündewlerini bermegi döwlet Baştutanyndan haýyş etdi. Şolaryň arasynda saýaly, pürli we miweli baglaryň, arçalaryň dürli görnüşleri, derek agajy bar. Şu günler köpçülikleýin bag nahallarynyň ekiljek ýerleri talabalaýyk derejede taýýarlanyldy.

Milletiň Lideri ýurdumyzyň «gök guşagyny» giňeltmek baradaky işlere örän jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny aýdyp, ilatyň bag ekmek dabarasyna köpçülikleýin gatnaşmagynyň asylly iş hasaplanylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bag ekmegiň we olara degişli derejede ideg etmegiň, ekologiýa babatda bolşy ýaly, nesillerde halal zähmete söýgini pugtalandyrmakda-da aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Milletiň Lideri bag nahallarynyň aýratynlyklary barada aýdyp, beýleki agaçlar bilen bir hatarda, derek agajyna aýratyn gadyr goýulýandygyny nygtady. Halk arasynda derek agajynyň baldaklarynyň berkemegi maşgala abadançylygy, agzybirligi hökmünde kabul edilipdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň