Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Azmun «Ufa» bilen boljak duşuşygyň türgenleşiklerine goşuldy

19:5505.03.2020
0
3752

«Zenidiň» hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmun toparynyň «Ufa» bilen boljak duşuşygynyň türgenleşiklerine goşuldy. Tälimçiler RPL-nyň 21-nji tapgyrynda boljak duşuşykda ony meýdana goýbermegi meýilleşdirýärler ― diýip, rus neşirleri habar berýär.

25 ýaşly hüjümçi Serdar Azmun Russiýanyň kubogynyň çärýek finalynda «Ahmat» bilen bolan duşuşyga gatnaşmandy. Ýöne ol «Lokomotiw» bilen bolan we 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşykda ätiýaçdaky düzümden oýna girdi.

«Zenidiň» baş tälimçisi Sergeý Semak onuň çempionatyň öňüsyrasynda syrkawlandygyny, şonuň üçin häzir diňe ätiýaçdan oýna goşulyp biljekdigini aýdýar.

«Zenit» bilen «Ufanyň» arasyndaky duşuşyk 9-njy martda Sankt-Peterburg şäherindäki «Gazprom Arenada» geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen agşam sagat 21-de başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň