Soňky habarlar

Arhiw

UEFA Çempionlar ligasynyň finalynyň petekleri satuwa çykaryldy

17:1805.03.2020
0
6091

UEFA-nyň habar bermegine görä, Çempionlar ligasynyň finalynyň petekleriniň (biletleriniň) satuwy başlandy. Petekleri 6 müňden gowrak janköýer UEFA-nyň resmi internet saýty “uefa.com”-dan onlaýn satyn alyp bilerler. Onlaýn satuw 12-nji marta çenli dowam eder. Petekleriň bahasy 70-600 ýewro aralygyndadyr. Iň pes bahaly petek 70 ol 4-nji kategoriýany emele getirýär. 3-nji kategoriýadaky petekleriň bahasy 180, 2-nji kategoriýadakylaryň bahasy bolsa, 450 ýewro deňdir. 1-nji kategoriýadaky petekler üçin bolsa, janköýerler 600 ýewrodan geçmeli bolarlar. Petekleriň şu ýylky bahasy geçen ýyldaky finalyň petekleriniň bahasy bilen deňdir.

Şeýle-de finala çykjak toparlaryň janköýerlerine 40 müň (her topar üçin 20 müň) petek berler. Mälim bolşy ýaly, final duşuşygy şu ýylyň 30-njy maýynda Türkiýäniň Stambul şäherindäki Atatürk Olimpiýa stadionynda oýnalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň