Olimpiýa oýunlarynyň 3x3 basketbol boýunça saýlama ýaryşynyň wagty soňa süýşürildi

12:3505.03.2020
0
4631

Halkara Basketbol federasiýasy Hindistanyň Bangalor şäherinde 3x3 basketbol boýunça geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşyny başga bir senä süýşürdi. Ozalky meýilnama boýunça saýlama duşuşyklar 18 ― 22-nji mart aralygynda geçirilmelidi.

FIBA bu ýaryşyň haçan we nirede geçiriljekdigini ýakyn günlerde habar berer. Çünki bu ýaryşyň ýeňijileri 24 ― 26-njy aprelde Wnegriýada geçiriljek umumy saýlama ýaryşa gatnaşmaly bolar.

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň hem bu ýaryşa gatnaşjakdygyny bellemek gerek. Milli ýygyndymyz toparçalarda Eýranyň, Ýaponiýanyň, Ukrainanyň we Awstraliýanyň ýygyndylary bilen güýç synanyşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň